Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy öz işine başlady. 24–29-njy awgust aralygynda Daşkentde we Samarkantda geçirilýän halkara çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan žurnalistler, media ulgamynyň hünärmenleri we halkara bilermenler gatnaşýarlar.

Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýar.

Halkara media forumynyň esasy çäreleri Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasynyň merkezinde geçirilýär. Forumyň açylyş dabarasyndan soň gatnaşyjylar merkeziň eýwanynda guralan tematiki sergi bilen tanyşdylar.

Sergide muzeý gymmatlyklary bilen bir hatarda, ylmy-bilim taslamalary, elektron maglumatlar we häzirki zaman multimediýa tehnologiýalary arkaly taýýarlanan maglumatlar görkezilýär. Bu merkez ylym, bilim we medeniýet boýunça halkara ähmiýetli meýdança hökmünde ösdürilýär.

Forumyň umumy mejlisinde häzirki zaman dokumental filmleri döretmegiň aýratynlyklary, bu ugurdaky täze çemeleşmeler we halkara tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taryhy maglumatlary ylmy esasda öwrenmek, neşirýat ulgamyny ösdürmek we dürli ýurtlaryň media düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy.

Çäräniň möhüm ugurlarynyň biri hem media ulgamynda sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boldy. Gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekdäki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Forumyň dowamynda media ulgamynda halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, tejribe alyşmak we döredijilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Halkara çäräniň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we Özbegistanda žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin ussatlyk sapaklary hem guralýar.

Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, 27-nji awgustda çäreler Samarkant şäherinde dowam etdiriler. Gatnaşyjylar şäheriň taryhy we medeni mirasy bilen tanyşarlar.

28-nji awgustda halkara media forumynyň jemleýji umumy mejlisi we ýapylyş dabarasy geçiriler.

Daşkentde geçirilýän bu halkara forum media ulgamynda halkara tejribe alyşmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenmek we dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda döredijilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Türkmenistanyň wekilleriniň forumda gatnaşmagy hem ýurdumyzyň media, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ähmiýetini görkezýär.