Sarahs topragy asyrlaryň dowamynda dürli medeniýetleriň we halklaryň özara gatnaşyklarynyň möhüm merkezleriniň biri bolup, özünde baý taryhy-medeni mirasy jemleýär. Bu ýerde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň möhüm sahypalaryny şöhlelendirýär.

«Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki ýadygärlikleri ýaş nesle giňden tanatmak, olaryň taryhy mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan guralýan şeýle syýahatlar ýaşlaryň taryhy gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilen nobatdaky taryhy-medeni syýahata ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän işjeň ýaşlar gatnaşdy.

Syýahatyň esasy maksatlarynyň biri ýaş nesle Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini düşündirmek, geçmişden miras galan gymmatlyklary gorap saklamagyň wajyplygyny wagyz etmek we ýaşlaryň milli taryhymyza bolan söýgüsini has-da berkitmek boldy.

Çärä gatnaşyjylar Sarahsyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň biri bolan Abul Fazlyň kümmetine baryp gördüler. Halk arasynda «Sarahs baba» ady bilen tanalýan meşhur şahsyýetiň ady bilen baglanyşykly bu taryhy desga sebitde gadymy binagärlik sungatynyň gymmatly nusgalarynyň biri hasaplanýar.

1024-nji ýylda bina edilen kümmetiň taryhy, gurluş aýratynlyklary we Sarahs sebitiniň geçmişindäki orny barada ýaşlara giňişleýin maglumat berildi. Taryhy ýadygärlik bilen tanyşlyk ýaşlarda uly gyzyklanma döredip, ata-babalardan miras galan medeni gymmatlyklara bolan hormatyň has-da artmagyna ýardam etdi.

Şeýle taryhy-medeni syýahatlar ýaşlaryň boş wagtlaryny manyly geçirmegi bilen bir hatarda, olaryň milli mirasa, gadymy taryha we medeni gymmatlyklara bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar. Taryhy ýadygärlikleri öz gözleri bilen görmek we olaryň geçmişi barada maglumat almak ýaş nesliň watansöýüjilik duýgularynyň kemala gelmegine hem oňyn täsir edýär.

Sarahsyň gadymy ýadygärliklerine guralýan şeýle çäreleriň dowam etdirilmegi baý taryhy-medeni mirasymyzyň ýaş nesle ýetirilmegine we ony gorap saklamak baradaky düşünjäniň berkemegine möhüm goşant goşýar.