Häzirki wagtda ýurdumyzda sungatyň ösmegine, zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna hem-de milli mirasymyzyň dowamatyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry uly dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Bäsleşigiň welaýat tapgyryna deslapky bäsleşiklerde öz ussatlyklary bilen tapawutlanan 20 sany zehinli bagşy-sazanda gatnaşdy. Sahna ussatlarynyň joşgunly çykyşlary, pederlerimiziň gadymy bagşyçylyk ýolunyň ýaşlaryň dilinde täzeden janlanmagy tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde özleriniň ýokary başarnyklaryny we saz çalmakdaky ussatlyklaryny görkezdiler.
Ýeňijiler döwlet tapgyryna barýar
Gyzgyn bäsleşigiň netijelerine görä, eminler agzalary tarapyndan aşakdaky zehinli ýaşlar ýeňiji diýlip yglan edildi:
- Bagşyçylyk ugry boýunça:
- Merjen Amandurdyýewa (Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi);
- Esen Atamyradow (Welaýat ýörite sungat mekdebi).
- Saz çalmak ugry boýunça:
- Bägül Batyrowa (Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi);
- Jeýhun Çaryýew (Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesiniň çagalar sungat mekdebi).
Ýeňijiler bäsleşigiň iň jogapkärli tapgyry bolan döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan ähli zehinli ýaşlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu bäsleşik diňe bir ýeňijileri kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem milli sungatymyzyň geljekki nesillerde hem öçmejek yz galdyrýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.