Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik üçin işlenip düzülen «Clever CRM» dolandyryş ulgamy mobil goşundysyny işe girizdi. Android ulgamy üçin niýetlenen goşundy Google Play platformasynda mugt elýeterlidir. iPhone enjamlary üçin taýýarlanan görnüşi bolsa häzirki wagtda App Store dükanynda barlagdan geçirilýär.

Goşundy türkmen we rus dillerinde işleýär. Ol işewürlik işlerini «Clever CRM» ulgamynda alyp barýan kompaniýalara gündelik işleri mobil telefon arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Clever CRM» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş direktory Batyr Rejepowyň bellemegine görä, kiçi telekeçiligiň ýolbaşçylary iş gününiň köp bölegini kompýuteriň başynda geçirmeýärler. Şonuň üçin täze goşundy işewürlere zerur maglumatlary we iş gurallaryny islendik ýerden elýeterli etmek maksady bilen döredildi.

Mobil goşundynyň mümkinçilikleri

«Clever CRM» goşundysynda gündelik işlerde zerur bolan birnäçe esasy bölüm jemlenendir. Baş sahypada günüň dowamynda ýerine ýetirilmeli işler, çalt hereketler we kompaniýanyň işi barada gysgaça maglumat görkezilýär.

«Müşderiler» bölüminde müşderileriň telefon belgileri, sargytlarynyň we geleşikleriniň taryhy baradaky maglumatlar ýerleşdirilýär. Şeýle hem müşderä göni şol bölümden jaň etmek ýa-da SMS ugratmak bolýar.

«Geleşikler» bölüminde satuw tapgyrlaryny yzarlamak, geleşigi indiki tapgyra geçirmek we onuň boýunça täze wezipe bellemek mümkinçiligi bar. «Sargytlar we ammar» bölüminde sargytlary döretmek, olaryň ýagdaýyny üýtgetmek, ammarlardaky haryt galyndylaryny, harytlaryň we hyzmatlaryň katalogyny görmek bolýar.

Goşundyda gündelik we hepdelik işleri meýilleşdirmek üçin «Wezipeler», şeýle-de saýlanan döwür boýunça girdeji, sargytlar we satuw görkezijilerini seljermek üçin «Analitika» bölümleri hem göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanda işlenip düzülen ulgam

«Clever CRM» kiçi we orta telekeçiligiň zerurlyklaryny nazara almak bilen Aşgabat şäherinde döredildi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, ulgamyň serwerleri Türkmenistanda ýerleşýär, hyzmatlar üçin tölegler manat bilen kabul edilýär. Tehniki goldaw türkmen we rus dillerinde alnyp barylýar.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyryna çenli «Clever CRM» ulgamynda 100-den gowrak kärhana hasaba alyndy.

Ulgamyň bir kompaniýa üçin aýlyk abuna tölegi 300 manada deňdir. Ilkinji aý mugt hödürlenýär. Mobil goşundyny ýükläp almak hem mugt bolup, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin degişli abuna ýazylmak talap edilýär.

Ulgamy işe girizmek isleýän kompaniýalar üçin mugt tanyşdyryş duşuşygy hem guralýar. Bir sagadyň dowamynda hünärmenler ulgamy kärhananyň iş aýratynlyklaryna laýyklykda görkezip, zerur sazlamalary ýerine ýetirýärler.

«Clever CRM» barada goşmaça maglumatlary kompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bolýar. Şeýle-de kompaniýa bilen Instagramdaky @clever.crm sahypasy ýa-da 10-58-48 telefon belgisi arkaly habarlaşmak mümkin.