Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Ombudsmeniniň diwanynyň we Moldowanyň Halk wekiliniň edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki günlük hünär okuw maslahaty geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady adam hukuklaryny goramak, raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak we bu ugurda iş alyp barýan edaralaryň hünär tejribesini kämilleşdirmek boýunça özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Moldowaly bilermenler — Halk wekili Çeslaw Panko we çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmen Wasile Koroy okuw maslahatynyň dowamynda raýatlaryň şahsy ýüz tutmalaryna garamagyň usullary, subutnamalary toplamagyň we seljermegiň ýörelgeleri, şaýatlar hem-de ejir çekenler bilen söhbetdeşlik geçirmegiň aýratynlyklary barada çykyş etdiler.
Şeýle-de okuw maksatnamasynda çagalaryň hukuklaryny goramagyň häzirki zaman gurallaryna, olaryň bähbitleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň usullaryna we zenanlaryň hukuklaryny goldamagyň mehanizmlerine aýratyn orun berildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif garaşsyz hukuk goraýjy edaralaryň arasynda göni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň milli derejede adam hukuklaryny goramak mehanizmlerini yzygiderli kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi.
Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň we Moldowanyň degişli edaralarynyň arasynda hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.