Amerikaly alymlar Covid-19 wirusyna garşy emele gelen immun ýadyny rak çişlerine garşy göreşmek üçin täze usula öwürdiler. «Celloram Inc.» kompaniýasynyň, Klyuwend uniwersitet hassahanalarynyň we Keýs-Vestern-Rezerw uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan döredilen «PROTEXI» adyndaky bu tehnologiýa eýýäm millionlarça adamyň organizminde bar bolan wirus goragyny gönüden-göni rak öýjüklerini ýok etmäge gönükdirýär.

Adatça, rak öýjükleri immun ulgamyndan gizlenmegi başarýarlar. Alymlar bu gizlenmäni ýok etmek maksady bilen ýörite şahsylaşdyrylan dendrit sanjymyny ulandylar. Barlag wagtynda näsag çişiniň bölejikleri bilen koronawirusyň spaj-belogy (şipowidli belok) birleşdirilip, immun öýjüklerine ýüklenildi. Organizme tanyş bolan wirus belogy derrew immun ýadyny oýarýar hem-de kömekçi öýjüklere rak çişlerini ýok etmek üçin gönüden-göni hüjüm etmegi buýurýar.

Laboratoriýa syçanlarynda geçirlen synaglarda bu platforma melenoma we göwüs ragyna garşy ýokary netijeliligini görkezdi. Sanjym diňe bir çişleriň ölçeglerini kiçeltmek bilen çäklenmän, eýsem gaýtadan ýüze çykma howpunyň öňüni alýan uzak möhletli immun ýadyny hem emele getirdi.

Hünärmenler häzirki wagtda bu tehnologiýany adamlarda kliniki synagdan geçirmäge taýýarlyk görýärler. Ilkinji bolup bu bejergini bejergisi kyn bolan sorkoma (rak keseginiň agyr görnüşi) keselli näsaglarda barlamak göz öňünde tutulýar. Täze usul adaty sanjymlardan tapawutlylykda, milliardlarça adamyň eýýäm eýe bolan immun serişdesine esaslanýandygy bilen tapawutlanýar we geljekde bejergileri has elýeterli etmäge mümkinçilik berer.