Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Oňa Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet maddy ätiýaçlyklar agentliginiň direktory Nurmahmat Ahmatzoda we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Guwanç Agajanow gatnaşdylar.

Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Hower» milli habar agentligine salgylanyp habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täjigistanyň wekiliýeti Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebit-gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine hem gatnaşdy. Halkara çäre nebitgaz pudagynyň wekilleriniň tejribe alyşmagy, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy we pudagyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy üçin meýdança boldy.

Geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şol sanda nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda özara dialogyň ähmiýetini görkezýär.