
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet ministrleriniň gatnaşmagynda C5+1 formatynda duşuşyk geçirildi. Bu çäre geçen ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen C5+1 sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni mirasy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garadylar. Hususan-da:
Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew medeni hyzmatdaşlygyň sebitde özara ynamy berkitmekdäki hem-de halklaryň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady. Şeýle hem, ABŞ-nyň Ilçisiniň Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Gaznasynyň goldawy bilen Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň möhümdigi bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky medeni dialogyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň sebitara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdiler. Bu özara gatnaşyklar diňe bir medeni mirasy gorap saklamaga däl, eýsem, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga hem uly ýardam berer.
Keywords