
Daşkent şäherindäki «Suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetinde iki doganlyk döwletiň — Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly medeni-tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Bu möhüm waka bagyşlanan dabarada diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi, şeýle-de Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow hem-de uniwersitetiň rektory B.Mirzaýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda garaşsyzlygyň iki döwletiň durnukly ösüşindäki taryhy ähmiýeti, şeýle-de hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ýaşlaryň tutýan orny barada giňden bellenilip geçildi.
Dabaranyň çäklerinde guralan konsert maksatnamasy ýurdumyzyň we Özbegistanyň medeni mirasynyň baýlygyny açyp görkezdi. Talyplaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek dillerinde parahatçylyga, dostluga hem-de garaşsyzlyga bagyşlanan aýdym-saz eserleri çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Özbegistanda bilim alýan türkmen ýaşlary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşi barada edilýän yzygiderli aladalar, şeýle-de daşary ýurtlarda ýokary hilli bilim almak üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Geçirilen bu dabaraly çäre iki ýurduň arasyndaky bilim, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändiginiň hem-de iki doganlyk halkyň dostlugynyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Keywords