
Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň ekerançylary ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde öz mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda zähmet çekýärler. Welaýatda şalyçylyk pudagy oba hojalygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, şaly öndürmekde Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap öňdebaryjy orny eýeleýär.
Şaly öndürmekde netijeli iş alyp barýan iri hojalyklarda bu ýyl hem giň möçberli işler meýilleşdirildi. Hususan-da, «S.A.Nyýazow» adyndaky ýöriteleşdirilen daýhan birleşiginde 4 müň 300 gektar meýdana, «27 Oktyabr» daýhan birleşiginde bolsa 3 müň gektar meýdana şaly ekildi. Mundan başga-da, hususy pudagyň wekilleri hem bu ugurda işjeňlik görkezip, «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 800 gektar ýerde şaly ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirildi.
Şalyçylar bu ýyl ýerli toprak-howa şertlerine doly uýgunlaşan hem-de köp ýyllardan bäri ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan «Nöküs-2» şaly sortuna ileri tutdular. Bu sort diňe bir bol hasyly bilen däl, eýsem kesellere durnuklylygy we ýokary tagam hiliniň ýokarylygy bilen hem tapawutlanýar.
Pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin welaýatda ähli zerur şertler döredildi. Ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ýeterlik bolmagy ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, şaly meýdanlarynyň ýanynda ýokary tehnologiýaly arassalaýjy kärhanalaryň hereket etmegi, öndürilen hasyly derrew gaýtadan işläp, taýýar önüm görnüşinde sarp edijilere ýetirmäge şert döredýär.
Daşoguzly şalyçylaryň toplanylan baý tejribesi hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşykly peýdalanylmagy, bu ýyl hem «ak altynyň» – şalynyň bereketli hasylynyň ýygnaljakdygyna doly esas berýär. Pudagyň yzygiderli ösdürilmegi welaýatyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Keywords