Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary täze teatr möwsümine täsirli çykyşlar we döredijilik duşuşyklary bilen başlady. Şu aýyň ikinji ýarymynda teatryň artistleri Lebap we Mary welaýatlaryna sapar edip, tomaşaçylara dürli sahna eserlerini hödürlediler.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň adybir eseri esasynda taýýarlanan «Saňa ýetermi owazym?» atly spektakl görkezildi. Daşoguz welaýatynyň teatrynyň baş režissýory Guwanç Baýmedowyň sahnalaşdyran bu eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Spektaklyň özboluşly aýratynlygy onuň sahnada bary-ýogy iki artistiň gatnaşmagynda ýerine ýetirilmegidir. Muňa garamazdan, sahna oýnunda çeper söz, saz, horeografiýa we dürli režissýorçylyk çözgütleri sazlaşykly utgaşýar. Gahrymanlaryň içki dünýäsini açyp görkezýän monologlar, manyly nyşanlar we hatlaryň üsti bilen beýan edilýän wakalar eseriň täsirliligini artdyrýar.

Söýgi, wepalylyk, bagyşlamak we ynsan gatnaşyklary ýaly temalary öz içine alýan liriki dramada gahrymanlaryň geçmiş bilen bagly ýatlamalary hem-de hatlar arkaly ýüze çykýan duýgulary esasy orun eýeleýär. Baş keşpleri Ogulgerek Şyhyýewa we Begli Dowlyýew ýerine ýetirip, gahrymanlaryň häsiýetlerini we ruhy dünýäsini tomaşaçylara ýetirdiler. Spektakl Mary welaýatynda hem görkezildi.

Teatryň döredijilik topary öz welaýatynda hem täze möwsümiň dowamynda işjeň çykyş edýär. Möwsümiň başynda dramaturg O. Öwezowyň adybir pýesasy esasynda taýýarlanan «Synag» spektakly tomaşaçylara hödürlendi. Şeýle-de çagalar üçin türkmen halk ertekileriniň esasynda sahnalaşdyrylan «Tilki dostlugy» atly erteki-spektakl görkezildi.

Geljekde «Saňa ýetermi owazym?» atly sahna eseriniň Daşoguz şäherinde hem görkezilmegine garaşylýar. Teatryň döredijilik toparynyň täze möwsümdäki çykyşlary tomaşaçylary milli teatr sungatynyň dürli ugurlary bilen tanyşdyrmaga we medeni durmuşyň baýlaşmagyna gönükdirilendir.