2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň başlangyjy bilen geçirilen duşuşykda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary utgaşdyrmak we sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Transhazar halkara ulag geçelgesiniň, ýagny Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeltmek boldy. Gatnaşyjylar bu ulag ugrunyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, deňiz portlarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, logistika amallaryny sanlylaşdyrmak we üstaşyr geçiş amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Gruziýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy we Halkara deňiz guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri hem bar.

Şeýle hem ulag we logistika ulgamlary bilen bir hatarda, telekommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns berildi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Hazar deňzi bilen Gara deňziň arasyndaky geçelgäniň ugry boýunça süýüm-optiki kabeli çekmek ýaly telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek baradaky taslamanyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Batumi deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdylar. Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentliginiň direktory Iwane Abaşidze portuň we terminal infrastrukturasynyň işi, üstaşyr ýük daşamalarynyň görkezijileri, şeýle hem durmuşa geçirilýän we geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar barada maglumat berdi. Olaryň hatarynda Anakliýa çuň suwly deňiz portuny ösdürmek taslamasy hem bar.

Duşuşyk Merkezi Aziýa bilen Kawkaz sebitiniň arasynda ykdysady, söwda, ulag we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. Şeýle formatdaky gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga we Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmäge gönükdirilendir.