
Ýurdumyzda halk häkimiýetiniň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň demokratik ösüş ýolunda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, şeýle-de halkara demokratik ýörelgelere laýyklykda geçiriljek bu saýlawlar ýerli dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de halkyň isleg-arzuwlarynyň möhüm çözgütlerde öz beýanyny tapmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda ýokary guramaçylyga beslenjek saýlawlaryň çäklerinde biziň welaýatymyzda döredilen Döwletli, Garabekewül we Farap etraplarynda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, şeýle hem ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şol geçiriljek saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 2-si, welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň 1-i, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň 36-sy saýlanylar. Mundan başga-da täze döredilen Döwletli, Garabekewül we Farap etraplarynyň her birinden etrap halk maslahatynyň 20 agzasyny saýlamak meýilleşdirilýär.
Öňde duran saýlawlaryň ýokary derejede, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen welaýatymyzda häzirki wagtda taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Saýlaw gününde welaýatymyzda saýlaw uçastoklarynyň 181-si işlär. Olarda geçiriljek saýlawlara ildeşlerimiziň 200 müňe golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem şu günler Merkezi saýlaw toparynyň guramagynda degişli etrap, okrug, şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň, welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň saýlawlar boýunça jogapkär wekilleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlary geçirilýär. Bu çärelerde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň talaplary, halkara demokratik ýörelgeler, saýlaw hukugy, saýlawlaryň adalatly we açyk geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Saýlawlaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegi raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da artdyrmaga ýol açýar. Saýlawlar gününde ildeşlerimiziň ynamyna eýe bolan iň mynasyp dalaşgärleriň saýlanylmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Biz mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmeklige gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşarys.
Keywords