
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde (penşenbe güni) ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Türkmenistanyň diplomatik korpusy üçin ähmiýetli waka boldy. Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen Ilçisi Esen Aýdogdyýew özüniň ynanç hatynyň nusgasyny resmi ýagdaýda gowşurdy.
Ynanç hatyny gowşurmak dabarasy taryhy Blair House (Bler Haus) — ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi myhmanhanasynda geçirildi. Ilçi Esen Aýdogdyýewi ABŞ-nyň Döwlet protokolynyň başlygy Monika Kraul kabul etdi.
Dabarada diňe bir protokol düzgünleri däl, eýsem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesi hem üns merkezinde boldy. Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým hem gatnaşdy. Dabaradan soň amerikan tarapy ýurtda täze bellenen diplomatlaryň hormatyna resmi kabul edişlik çäresini gurady.
Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyldy.
Keywords