
Ýurdumyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň işiniň göwnejaý ýola goýulmagy ak bazarlarymyzyň bolçulygyny, halkymyzyň ýylyň islendik paslynda ter gök önümler, dürli miweler bilen bökdençsiz üpjün edilmegini şertlendirýär. Bu babatda welaýatymyzyň hususy telekeçileri, gök ekerançy babadaýhanlary hem ýokary netijeleri gazanyp, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Saýat etrabynyň Çaltut şäherçesiniň ýaşaýjysy Öwlüýaguly Kuwwatowyň agzybir maşgalasy hem eýýäm 15 ýyldan bäri hususy mellek ýerinde ýyladyşhana şertlerinde limon agaçlaryny köpçülikleýin ösdürip, bol hasyl alyp gelýär. Ilki bilen tejribeli daýhan melleginde ýyladyşhana gurduryp, bu ýerde ekilen pomidordan, bolgar burçudyr hyýardan bitginli hasyl alypdyr.
— Bir gün limon miwelerini satyn alyp, öýümize gelenimde, oglum: «Kaka, limony ösdürip ýetişdirmek kynmy?» diýip, garaşylmadyk sowaly orta atdy. Ol özüniň limon ekip görmek höwesiniň bardygyny ýaňzytdy. «Dagy näme, öýümizde ýyladyşhana barka, synanyşyp görsek bolar» diýip, onuň bu pikirini goldadym. Şol günden soň limon ösdürip ýetişdirmek bilen içgin gyzyklanyp başladym — diýip, ýaşuly daýhan gürrüň berýär.
Aslynda, ol bu iş bilen pensiýa ýaşyna ýetenden soň ymykly meşgullanyp, daýhançylyk tejribesini artdyrypdyr. Mundan öň etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginde ýanýoldaşy Mahym daýza bilen esasy oba hojalyk ekinleri bolan gowaçadyr bugdaý ekip, öňdebaryjylaryň hatarynda göreldeli zähmet çekipdirler. Ata-baba nesilden-nesle geçip gelýän daýhançylyk kesbi ony limon agaçlaryny kemala getirmekde hem ýakyndan goldady. Bu günki gün Öwlüýaguly aga etrapda subtropiki ekinleriň iň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolan limon agaçlaryny ýetişdirmegiň ussady hökmünde tanalýar. Ol halypa hökmünde limon ýetişdirmäge höwesi bolan ýaş daýhanlara ýakyndan maslahat bermek bilen, köp ýyllaryň dowamynda toplanylan baý tejribesini paýlaşýar.
— 2020-nji ýylda mellegimizdäki ýyladyşhanalarymyzyň sanyny üçe ýetirdik. Birinji ýyladyşhanamyzda 60, ikinjisinde 30 düýp limon agajyna ideg edýäris. Üçünji ýyladyşhanada, esasan, çybyklaryndan limon nahallary ýetişdirilýär. Bu işde esasy kömekçim, ýanýoldaşym Mahymyň meniň bilen deňeçerräk tejribesi bar. Şeýle-de oglum Şöhrat gelni Güneş bilen, agtyklarym Merjen, Gözel, Bahar, Leýli dagy ýakyndan ýardam berýärler. Agzybirlik bilen çeken päk zähmetimiz ýerine düşýär. Şu görýän uly limon agaçlaryňyzyň her birinden, ortaça, 400 — 450 sany miwe aljagyma gözüm ýetýär — diýip, ýaşuly daýhan gürrüň berýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, soňky ýyllarda ýyladyşhana şertlerinde subtropiki ösümlikleriň dürli görnüşlerini, ylaýta-da, limon agaçlaryny ösdürip ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Çünki limonyň miwesi ýokumlylyk gymmaty, keselleriň öňüni almakdaky, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Ylaýta-da, häzirki dowam edýän gyş aýlarynda limon miwelerini azyklyk önümleriň hatarynda köpräk kabul etmek maslahat berilýär. Ol möwsümleýin keselleriň öňüni almakda has hem peýdalydyr. Limonyň dermanlyk häsiýeti barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda gymmatly maglumatlar berilýär.
— Biz öz hojalygymyzda limonyň «Maýer» görnüşini ýetişdirýäris. Limon agajy çybygyndan ýetişdirilýär. Idegi göwnejaý bolanda, 3 ýyldan soň hasyla durýar. Çyglylygy köp talap edýär. Ýylyň dowamynda azyndan 15 gezek suwuny ýetirmeli. Mineral dökünler bilen bir hatarda organiki dökünler hem berilýär. Agrotehnikasynda baldaklaryny gyrkyp durmak maslahat berilýär. Şahalarynyň arasyndan howa geçip dursa, kesellere durnukly bolmak bilen, gowy gülleýär we bitginli hasyl berýär. Agajyň baldaklary sentýabr, oktýabr aýlarynda gyrkylsa, ýerlikli bolar. Limon nahallary oktýabr, noýabr aýlarynda, ýazky möwsümde bolsa mart aýynda oturdylýar — diýip, daýhan gürrüň berdi.
Öwlüýaguly aga oba ilatynyň galkynmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýar.
Keywords