2025-nji ýylda "Ýeke-täk penjire" ulgamy arkaly elektron görnüşde eksport-import amallary üçin 189 954 sany lisenziýa we rugsatnama resmileşdirildi, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 2,7 esse köpdür. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ulgamyň işi Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi tarapyndan utgaşdyrylýar.
Daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň "Ýeke-täk penjire" arkaly gelýän ähli ýüzlenmeleri ygtyýarly döwlet edaralarynyň gözegçiliginde dessin hasaba alynýar we resmileşdirilýär. Bu bolsa eksport-import amallarynyň möhletini gysgaltmaga we daşary söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ulgamda eksport we import çäklerinde hyzmatlaryň 29 görnüşini hödürleýän 19 sany ministrlik we edara hereket edýär. "Ýeke-täk penjire" gije-gündizleýin tertipde işleýär we günde müňe golaý rugsat beriji resminamalaryň resmileşdirilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda ulgamda 12 müňden gowrak daşary ykdysady işe gatnaşyjy hasaba alyndy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.