
Berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlere beslenýän taryhy eýýamynda elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilip, bu ugurda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her gününi zähmet üstünliklerine besleýän Watan döwlet elektrik stansiýasynyň agzybir işgärleri hem güneşli ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň artmagynda, sebitiň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde netijeli işleri alyp barýarlar. Üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynyň netijeleri boýunça bu ýerde elektrik energiýasynyň 157 müň 510 kilowat sagady öndürilip, bellenilen meýilnama 101,62 göterim berjaý edildi. Degişli döwürde stansiýada ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 3 million 73 müň manada deň bolup, bu babatda meýilnama 101,8 göterim amala aşyryldy.
— Umumy kuwwatlylygy 254 megawatt bolan döwrebap elektrik desgamyz 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp, ulanylmaga berildi. Elektrik stansiýamyzda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Electric» kompaniýasynyň kuwwatlylygy 127 megawata deň bolan MS9001E kysymly gaz turbinalarynyň 2-si hereket edýär. Öndürilýän elektrik energiýanyň mukdary «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Merkezi dispetçer müdirligi tarapyndan gije-gündiziň dowamynda sazlanylýar we gözegçilik edilýär — diýip, stansiýanyň baş inženeri Begenç Geldiýew gürrüň berýär.
Kärhananyň gazturbina desgalaryny, kömekçi ulgamlaryny dolandyrmak işleri 2 çalşykda alnyp barylýar. Öndürilýän elektrik energiýasy 110 — 220 kilowolt açyk paýlaýjy gurluşyň üsti bilen halkalaýyn howa ulgamlary arkaly sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň netijesinde Watanymyzda bitewi halkalaýyn elektrik ulgamyň döredilendigini belläp geçmegimiz gerek.
— Döwlet elektrik stansiýamyzda işçi-hünärmenleriň 70-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň her biriniň gazanylýan zähmet ýeňişlerinde mynasyp paýy bar. Ylaýta-da, stansiýamyzyň çalşyk başlygy Sylap Kulyýew, elektrik sehi boýunça başlygy Seýitmyrat Jumaýew, işgärler bölüminiň hünärmeni Mekan Şerapow, nasos stansiýasynyň maşinisti Begenç Hudaýbergenow tutanýerliligi bilen işdeş ýoldaşlaryna görelde görkezip, zähmet üstünliklerimize saldamly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykaran, halkymyzyň bagtyýarlygy, abadan hem eşretli durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalanýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, baş inžener ýürek buýsançlary bilen sözüni jemledi.
Bizem döredijilik toparymyzyň adyndan Watan döwlet elektrik stansiýasynyň agzybir işgärlerine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek şanly ýylynda täze-täze zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.
Keywords