
Häzirki döwürde ylmy-tehniky ösüşiň depgini adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Bu ösüşleriň iň täsirli ugurlarynyň biri hökmünde emeli aň tehnologiýalaryny mysal getirmek bolar. Emeli aň diňe bir maglumatlary gaýtadan işlemek ýa-da awtomatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ol lukmançylyk ylmynda hem täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Şol bir wagtda, saglygy goraýyş ulgamynda netijeliligi ýokarlandyrmak, keselleri ir ýüze çykarmak we hassalara has takyk bejergi bermek ýaly möhüm maksatlar üstünlikli amala aşyrylýar.
Emeli aň — adam aklyna mahsus bolan pikirlenmek, öwrenmek we çözgüt tapmak ýaly ukyplary kompýuter ulgamlarynda gaýtadan döretmäge gönükdirilen tehnologiýa. Lukmançylykda onuň ulanylyşy soňky ýyllarda giň gerime eýe boldy. Mysal üçin, emeli aň algoritmleri arkaly lukmançylyk suratlaryny — rentgen, MRT we KT barlaglarynyň netijelerini ýokary takyklykda seljermek mümkinçiligi döredi. Bu bolsa keselleriň ilkinji alamatlaryny has ir döwürde anyklamaga mümkinçilik berýär. Irki diagnoz goýmak lukmançylykda iň möhüm şertleriň biridir. Emeli aňyň kömegi bilen onkologiýa keseli, ýürek-damar keselleri ýa-da newrologiki näsazlyklar ýaly howply ýagdaýlar öňünden kesgitlenip bilinýär. Şeýle ýagdaýlarda algoritmler müňlerçe hassanyň maglumatlaryny seljerip, keseliň ösüş derejesini öňünden çaklaýar. Bu bolsa lukmanlara diňe bir häzirki ýagdaýy däl-de, eýsem, geljekde ýüze çykyp biljek howplary hem göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.
Emeli aň şahsylaşdyrylan lukmançylyk düşünjesiniň ösdürilmegine hem uly goşant goşýar. Her bir adamyň organizmi aýratyn bolup, onuň bejergisi şol aýratynlyga laýyklykda saýlanylmaly bolýar. Emeli aň ulgamlary hassanyň genetiki maglumatlaryny, ýaşaýyş ýörelgelerini we öňki kesellerini seljerip, iň laýyk bejergi usulyny teklip edip bilýär. Bu bolsa bejerginiň netijeliligini ýokarlandyryp, nädogry bejergi berilmeginiň öňüni alýar. Hassahanalarda nobatlaryň dolandyrylmagy, hassalaryň maglumatlarynyň tertipleşdirilmegi, derman serişdeleriniň hasabynyň alnyp barylmagy ýaly işler awtomatlaşdyrylyp, işgärleriň iş ýüki ýeňilleşdirilýär. Şeýlelikde, lukmanlar özleriniň esasy wezipesine — hassalara ýokary hilli hyzmat etmäge has köp wagt sarp edip bilýärler.
Ýurdumyzda hem saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Sanly tehnologiýalaryň, şol sanda emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa diňe bir häzirki nesliň däl, eýsem, geljekki nesilleriň saglygy goraýşynda möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alsaň, emeli aňy lukmançylyk ylmynda düýpli özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýji hasaplap bolar. Ol diňe bir täze tehnologiýa däl-de, adam saglygyňy goramakda ygtybarly kömekçi hökmünde çykyş edýär. Geljekde emeli aňyň mümkinçilikleriniň hasda giňelmegi bilen, lukmançylyk ylmy täze ösüş basgançagyna gadam basar. Bu ösüşleriň adamzadynyň sagdyn we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine hyzmat etjekdigi bolsa ikuçsuzdyr.
Keywords