Dänew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Rüstem Jumabaýew ene topraga bolan söýgüsi, zähmetsöýerligi we baý tejribesi bilen oba hojalygynda uly abraýa eýe bolan daýhanlaryň biridir.

Halkymyzda «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýen pähim bar. Rüstem Jumabaýewiň durmuş ýoly hem bu nakylyň manysyny aýdyň görkezýär. Ol zähmeti, yhlaslylygy we hünär ussatlygy bilen oba hojalygynyň dürli ugurlarynda uly tejribe toplap, köp ýyllaryň dowamynda ene toprakdan bol hasyl alyp gelýär.

Rüstem aga 1976-njy ýylda orta mekdebi tamamlandan soň, etrapdaky mehanizatorlary taýýarlaýan okuw mekdebinde bilim alýar. Oba hojalyk tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmegi öwrenmeginde tejribeli mehanizator Roman Joraýewiň uly goşandynyň bolandygyny ol minnetdarlyk bilen ýatlaýar.

Soňra ol hünär bilimini has-da kämilleşdirip, 1985-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki häzirki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde agronomçylyk hünäri boýunça gaýybana okuwyna başlaýar we 1988-nji ýylda bu ugur boýunça bilim alýar.

Zähmet ýolunyň dowamynda Rüstem Jumabaýew oba hojalygynyň dürli ugurlarynda işledi. 1993-nji ýyldan başlap, gallaçy-kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy, soňra bolsa gallaçylyk boýunça agronom wezipesinde zähmet çekdi. Ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi onuň ekinlere ideg etmekde, ýerden netijeli peýdalanmakda we ýokary hasyl almakda ussat hünärmen hökmünde tanalmagyna mümkinçilik berdi.

2018-nji ýyldan bäri ol esasy oba hojalyk ekinleri bolan bugdaýdan we gowaçadan bol hasyl almak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Tejribeli kärendeçi hökmünde Rüstem aga diňe bir «Azatlyk» daýhan birleşiginde däl, eýsem, Dänew etrabynyň oba hojalyk işgärleriniň arasynda hem uly hormata eýedir.

Oba hojalygyndaky zähmet ýoluna 50 ýyl töweregi wagt bolan Rüstem Jumabaýewiň durmuş ýörelgesi ýaş daýhanlar üçin görelde bolup durýar. Onuň ene topraga bolan söýgüsi, halal zähmeti we hünärine bolan yhlasy bol hasylyň, bereketli durmuşyň esasy şertleriniň biridir.