
Myrat Kuliýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri: 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilip, şol ýylyň 1-nji noýabryndan güýje girizilen «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanuny ýer hukugynyň esasy çeşmesi hökmünde ýer kanunçylygynyň esasyny düzýär. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanunyndan gelip çykýan täze kadalaşdyryjy hukuknamalar hem kabul edilýär. Bu şertlerde esasy wezipe ýer-hukuk kadalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini gazanmakdyr. Häzirki wagtda ýer-hukuk gatnaşyklary raýat-hukuk gatnaşyklary bilen ýakyn arabaglanyşykda durýar. Raýat-hukuk usuly bolsa ýer-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň esasy usullarynyň biri hasaplanýar. «Ýer hukugy» Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynyň özbaşdak pudagy bolup, ol tebigy obýekt, önümçiligiň şerti we serişdesi bolan ýerden peýdalanmak we ony goramak baradaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk kadalarynyň jemidir. Ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda esasy maksat ýerden rejeli peýdalanmagy we ony goramagy guramakdan, topragyň hasyllylygyny gowulandyrmakdan hem-de ýer gatnaşyklarynyň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň esasy wezipeleri ýer serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak maksady bilen ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakdan, ýer serişdelerinden peýdalanmak we olary goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden, döwlet ýer gurluşygyny geçirmegiň, Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegiň ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitlemekden, ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgemeginiň we bes edilmeginiň esaslaryny kesgitlemekden, ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň we borçlarynyň amala aşyrylmagynyň tertibini kesgitlemekden, topragyň mesligini ýokarlandyrmakdan we tebigy gurşawy abat saklamak boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmekden, ýerde hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşleriniň deň hukukly ösmegi üçin şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Ýer bölegine bolan hukugyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem ýerleriň döwlet dolandyrylyşydyr. Döwlet dolandyrylyşy amala aşyrylanda ygtyýarly döwlet edaralary döwlet ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi, bermegi we yzyna almagy, ýer gurluşygyny, olardan peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýarlar. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda kesgitlenilişi ýaly, ýer gaznasy maksatly niýetlenilişine laýyklykda, şu toparlara bölünýär: oba hojalyk maksatly ýerler; tokaý gaznasynyň ýerleri; suw gaznasynyň ýerleri; döwlet ätiýaçlyk ýerleri; ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriniň) ýerleri; senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry maksatly ýerler; tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş we taryhy-medeni maksatly ýerler. Ýer böleginden rejeli peý dalanmak ekologiýa-ykdysadyýet düşünjesi bolmak bilen, ol ýeri abat saklap we gowulandyryp, hojalyk taýdan zerur netijäniň gazanylmagyny aňladýar. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna laýyklykda, ýer eýeleri peýdalanyjylar we kärendeçileri diňe maksatly niýetlenilişine laýyklykda peýdalanmalydyrlar. Onuň maksat bellenilmesi ýer bölegine bolan hukuk resmileşdirilende kesgitlenilýär. Bellenilenden başga maksatlar üçin ýerden peýdalanmak kanun tarapyndan gadagan edilýär. Döwletiň durmuş, ykdysady we medeni syýasatynyň sütünleriniň biri bolan kanunçylyk ulgamy, milli agzybirligiň ygtybarly serişdesi hökmünde jemgyýet asudalygynyň mizemezligini kepillendirýär. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň döwlet syýasatynyň üns merkezinde bolmagy, bu pudagyň geljekde hem ynsan bähbidini, jemgyýetçilik jebisligini, döwlet asudalygyny üpjün etmekde, halkyň ahlak ýörelgeleri bilen sazlaşykda boljakdygynyň aýdyň nyşanydyr.
Keywords