25-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Bu oýun 2024-nji ýylda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi hem-de Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» kluby bilen şol möwsümiň Kubok bäsleşiginiň finalçysy «Ahalyň» arasynda geçer.

Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçiriljek duşuşyk 16:00-da başlanar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan her ýyl guralýan Naýbaşy Kubok ugrundaky duşuşygyň 2005-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:

25.09.2025 ý. (penşenbe)

«Arkadag» – «Ahal»

Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00