
Lebap welaýatynyň Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Farap» şypahanasy häzirki wagtda ildeşlerimiziň saglygyny berkidýän, göwünlerine şypa tapýan iň gelim-gidimli künjekleriň birine öwrüldi. Tebigatyň sahawatly peşgeşi bolan mineral suwlar bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň utgaşýan bu ýeri, özüniň kämil düzümi bilen tapawutlanýar.
Şypahananyň esasy baýlygy — ýeriň 830–890 metr çuňlugyndan çykýan tebigy mineral suwudyr. Düzüminde 32-den gowrak himiki elementi saklaýan bu melhem suw, 39 gradus ýylylykda öz akymyna şypahananyň bejeriş bölümlerine ýetirilýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu suwuň fiziki-himiki düzümi dünýäniň öňdebaryjy şypahanalaryndaky mineral suwlar bilen bäsleşip biljek derejededir. Bejergi wannalarynda suwuň temperaturasy 37–38 gradus ýylylykda saklanylyp, onuň şypalylyk häsiýetleriniň doly derejede goralyp saklanmagy üpjün edilýär.
Döwrebap bejeriş hyzmatlary
250 orunlyk şypahana anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybarat bolup, olar dünýäniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Anyklaýyş bölüminde endoskopiýa, rentgen, ultrases barlag, elektrokardiograf we kliniki-biologiki barlaghanalar arkaly näsaglara takyk diagnoz goýulýar.
Şypahanada daýanç-hereket synalarynyň, nerw, iýmit siňdiriş, ýürek-gan damar ulgamlarynyň, aşgazan-içege, bagyr we öthaltanyň, şeýle hem deri keselleriniň bejergisi üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin fizioterapiýa, owkalama, iňňe bilen bejeriş, palçyk bilen bejeriş, kükürtli wodorodly we ýod-bromly wannalar, «Şarko» duşy hem-de 150 kub metr göwrümli ýapyk suw howdany hyzmat edýär.
Täzeçil usullar we sagdyn dynç alyş
Şypahananyň binýadyna yzygiderli täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Hususan-da, şu möwsümde ornaşdyrylan çekim, limfodrenaž, elektroforez we ozonoterapiýa enjamlary bejeriş işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrdy. Ozonoterapiýa usuly bedeniň gan aýlanyşygyny gowulandyrsa, täze işe girizilen bug çelegi deri saglygyny dikeltmäge ýardam berýär.
Saglygyny berkitmäge gelen raýatlarymyz üçin şypahanada ähli şertler döredilen. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilen ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk çaýlary hödürleýän fitobar, häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen bedenterbiýe otagy ildeşlerimiziň söýgüli ýerleriniň biridir. Mundan başga-da, medeniýet işgärleriniň guraýan konsertleri we döredijilik duşuşyklary dynç alýanlaryň ruhuny göterip, şypahanadaky dynç alyşyň täsirli geçmegine goşant goşýar.
«Farap» şypahanasy – bu diňe bir bejeriş mekany däl, eýsem, ynsan saglygynyň hem-de ruhy kämilliginiň gözbaşydyr.
Keywords