
Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda futzal boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Superligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawy başlandy. 4-nji tapgyryň duşuşyklary bilen badalga alan ýaryşda ýurdumyzyň iň güýçli sekiz topary çempionlyk ugrunda bäsleşýär.
Deslapky tapgyrda futzalçylar iki topara bölünip çykyş edýärler. Birinji aýlawyň duşuşyklary Lebap welaýatynda geçirilipdi, ikinji aýlaw bolsa Maryda dowam edýär:
Düzgünnama laýyklykda, her topardan iň gowy netije görkezen iki topar göni final tapgyryna çykar. Beýleki toparlar bolsa jemleýji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik berýän 5-nji we 6-njy orunlar ugrunda goşmaça oýunlary geçirerler.
Ikinji aýlawyň ilkinji gününde "A" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Häzirki çempion «Köpetdag» topary «Faraby» 16:1 hasaby bilen uly aratapawutda ýeňlişe girizdi. Beýleki duşuşykda bolsa «Senagatbank» «Gümrükçini» 8:6 hasaby bilen ýeňmegi başardy.
"B" toparynda hem çekeleşikli oýunlar boldy:
4-nji tapgyrdan soň "A" toparynda «Köpetdag» 12 utuk bilen birinji orunda barýar. «Senagatbank» we «Migrasiýa» 6 utuk bilen indiki orunlary paýlaşýarlar. "B" toparynda bolsa «Migrasiýa» we «Deňizçi» 9 utuk bilen öňdeligi eýeleýärler.
Futzal boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempiony güýz paslynda geçiriljek, alty toparyň gatnaşmagyndaky jemleýji tapgyrda mälim bolar.
Keywords