
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we senagat ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň dokma senagatynda giňden tanalýan görnükli işewür, belli şahsyýet, Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. «Merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!» diýip, hormatly Arkadagymyz işewüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.
Halkymyzyň gadymy we asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, duşuşykda «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň kyblasynyň aradan çykandygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat okaldy. Mukaddes dogalarda merhumyň imanynyň hemra, jaýynyň jennet, ruhunyň bolsa baky şat bolmagy dileg edildi. Munuň özi türkmen we türk halklarynyň asyrlar boýy kemala gelen ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, doganlyk we wepadarlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde-de belent derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkiýeli işewür Ahmet Çalyk agyr pursatda ýanynda bolandygy we asylly medet beriji sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza özüniň we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden çykan çuňňur hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanda gurluşyk we beýleki ugurlarda ýaýbaňlandyrylan taryhy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýratyn nygtady.
Keywords