
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Galaýmor kän hojalygynda önümçilik görkezijileri yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Ýurtda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, kärhananyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Şu ýylyň başyndan bäri hojalyga Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary öndürjilikli tehnikalary tapgyrlaýyn gelip gowuşdy. «Sany Heavy Industry Co., Ltd.» kompaniýasynyň SY415H kysymly ýer gazyjylary, SYZ320C-8Y kysymly ýük daşaýjy awtoulaglary we XCMG ZL50GN kysymly kuwwatly ýükleýji tehnikalaryň uly tapgyry önümçiligiň depginini ep-esli artdyrdy. Bu täze enjamlar tejribeli hünärmenlere berkidilip, aýawly we netijeli peýdalanylýar.
Kän hojalygynda işler üç çalşykda, gije-gündizleýin dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde 7 sany owradyjy-saýlaýjy fabrik hereket edip, olar ýerasty baýlyklary gazyp almak we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýarlar. Esasy çig mal bolan çagyl-çäge garyndysyndan dürli görnüşde we ölçegde ýuwulan çäge hem-de daş owuntygy ýaly magdan däl gurluşyk önümleri öndürilýär.
Geçen üç aýyň dowamynda kärhanada 97 müň 36 metr kubdan gowrak magdan däl önümler öndürilip, bellenilen meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi. Taýýar önümler ýurdumyzyň dürli künjeklerine awtoulag we demir ýol ulgamy arkaly yzygiderli ugradylýar.
Häzirki wagtda kärhanada 141 sany hünärmen zähmet çekýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy hünärmenleriň işini ýeňilleşdirip, önümiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Kärhananyň işgärleri täze döredijilikli gözlegler bilen önümçilik depginini has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.
Galaýmor kän hojalygynyň kuwwatynyň artmagy, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ýerli çig mal bilen üpjünçiligini has-da berkidýär.
Keywords