Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler Türkmenistanda oba hojalygy üçin döwrebap nemes tehnikalaryny getirýän we olara tehniki hyzmatlary hödürleýän ERDEM kompaniýasyna baryp gördi. Bu barada Germaniýanyň diplomatik wekilhanasynyň resmi sahypasynda habar berildi.

Saparyň dowamynda ilçi kärhananyň alyp barýan işleri, oba hojalygynda ulanylýan nemes tehnologiýalary we olaryň önümçilikdäki ähmiýeti bilen tanyşdy. Petra Dahtler kompaniýanyň hünärmenleriniň kombaýnlary we traktorlary Türkmenistanyň ýerli howa şertlerine laýyklykda kämilleşdirmegine, şeýle hem daýhanlaryň aýratyn zerurlyklaryny göz öňünde tutup, degişli çözgütleri hödürlemegine ýokary baha berdi.

«Nemes tejribesiniň we innowasion tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşine möhüm goşant goşýandygyna örän şat. Kompaniýanyň hünärmenleriniň täzeçil pikirleriň kömegi bilen kombaýnlary we traktorlary ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrmakda, daýhanlaryň isleglerine laýyk gelýän çözgütleri tapmakda alyp barýan işleri aýratyn täsir galdyrdy» diýip, Petra Dahtler belledi.

Ilçi kompaniýanyň ýolbaşçysy Sarı Ataýew bilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda öňde durýan wezipeleri we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem oba hojalyk tehnikalary bilen işlemek boýunça daýhanlaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň, olary ýörite taýýarlyk okuwlaryna çekmegiň we talyplaryň bilimini kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Saparyň dowamynda Petra Dahtler CLAAS kysymly traktory sürüp görmek mümkinçiliginden hem peýdalandy. Ol bu mümkinçilik üçin kompaniýanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Soňky ýyllarda oba hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik işlerini mehanizasiýalaşdyrmak we hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.