Arkadag şäherinde Bütindünýä çagalar güni mynasybetli «Arzuw ganatlary» atly dabaraly çäre geçirildi. Ony Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilelikde gurady.
Dabara gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ilçileri we wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň esasy mazmuny her bir çaganyň söýgä, alada we arzuw etmäge hukugynyň bardygyny nygtamakdan ybarat boldy. Guramaçylar baýramçylykda çagalaryň arasynda aýratyn tapawut goýulmandygyny, olaryň ählisiniň deň derejede üns-alada mynasypdygyny bellediler.
Myhmanlar üçin baýramçylyk konserti taýýarlanyldy. Onda ýaş sungat işgärleri aýdym-sazly we tansly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atlylary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Çäräniň çäklerinde döredilen tematiki pawilýonlarda maşgala, döredijilik, ekologiýa we «ýaşyl» mekdepler ýaly ugurlar boýunça maglumatlar hödürlendi. Olarda çagalaryň ýaşamak isleýän dünýäsi, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň we döredijiligiň ähmiýeti beýan edildi.
Bu çäre Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň sagdyn ösmegi we ähli taraplaýyn goldanylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýany boldy. Gaznanyň alyp barýan işlerinde hem ösüp gelýän nesliň aladasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Bütindünýä çagalar güni her ýyl 20-nji noýabrda bellenilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.