
«Atletiko Madridiň» rowaýaty Antuan Grizmann üçin Ispaniýadaky döwür tamamlanýar. 35 ýaşly fransiýaly oýunçy erkin agent hökmünde MLS-iň «Orlando Siti» klubyna geçmäge razylyk berdi. Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, taraplar iki ýyllyk şertnama baglaşdylar we Grizmann täze klubynda ýylda 10 million ýewro möçberinde hak alar.
Grizmann Amerikanyň basketbol medeniýetiniň we NBA-nyň uly janköýeri hökmünde tanalýar, şonuň üçin hem ol karyerasyny ABŞ-da tamamlamagy köpden bäri arzuw edip gelýärdi. Ol «Atletikodan» gitmezden ozal, «Sosedad» bilen boljak Ispaniýa Kubogynyň finalynda ýene bir trofeý gazanyp, öýünden dabaraly ýagdaýda hoşlaşmak isleýär. «Orlando» kluby Grizmanny «Discovery List» arkaly birinji bolup öz sanawyna goşandygy sebäpli, ony transfer etmekde ileri tutulýan hukukdan peýdalandy.
Keywords