Häzirki günlerde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň galla oragyndan boşan ýerleri babadaýhanlaryň üns-aladasydyr zähmeti bilen gurşalyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bugdaý ekiljek atyzlarda sürümiň we beýleki agrotehniki çäreleriň ýokary sazlaşykly hem-de talabalaýyk guralmagy möwsümleýin işiň öndümliligine, depginine oňyn täsirini ýetirýär.
Möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň guratlygyna, ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjünçiligine hem bagly bolup durýar. Daýhançylykda «Guralyň saz — azabyň az» diýlip ýönelige aýdylmaýar. «Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Daşoguz abatlaýyş zawodynyň işçi-hünärmenleri hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bökdençsiz ýola goýulmagy ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ekiş möwsüminiň golaýlamagy bilen, kärhananyň önümçilik bölümlerinde alnyp barylýan işleriň depgini hem barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda bu ýerde bugdaý ekişini geçirmek, oňa ideg etmek, gowaça hasylyny ýygnamak ýaly möwsümleýin agrotehniki çärelerde peýdalanyljak oba hojalyk gurallarynyň, olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň uly tapgyry taýýarlanylýar. Zawodyň önümçilik we tehniki üpjünçilik bilen baglanyşykly alyp barýan işleri etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalary we daýhan birleşikleri bilen baglaşylan şertnamalara görä, önümçilik meýilnamasyna laýyklykda, öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Kärhanada dürli tehnikalar we iş gurallary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryň 46-a golaý görnüşi öndürilýär. Aýratyn-da, ekiş möwsüminde ekijileriň, kultiwatorlaryň, azallaryň, çizelleriň, boronalaryň ätiýaçlyk şaýlaryna uly isleg bildirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.