Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadag, ilki bilen, Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň, şeýle hem iki halkyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi.
Öz gezeginde Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň goldawynda we Gahryman Arkadagyň Gazagystan üçin taryhy waka — parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berýändigini belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligi ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk hem-de ösüş arzuw etdiler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.