«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nistan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, oba ho­ja­ly­gy­nyň guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­re gol­daw ber­mek, guş eti­niň we ýu­murt­ga­sy­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çylar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy Ho­ja­my­rat Ho­ja­ny­ýa­zow hem bu iş­le­re sal­dam­ly go­şant goş­mak bi­len, guş iý­mi üçin oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tişdir­mek, şeý­le-de ýu­murt­ga ugur­ly to­wukla­ry idet­mek ba­bat­da uly tej­ri­be top­lap­dyr. Top­la­nan oňyn tej­ri­be gym­mat­ly ha­zy­na bo­lup, iş ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär, me­ýil­na­ma­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­nyň giň­den baý­ram edil­jek ýylyn­da us­sat te­le­ke­çi Ahal we­la­ýa­ty­nyň Kaka et­ra­by­nyň çä­gin­de döw­let ta­ra­pyn­dan uzak möh­let­le­ýin esas­da bö­lü­nip berlen 500 gek­tar ýer bö­le­gi­ni eke­ran­çy­lyk maksa­dy bi­len iş­jeň peý­da­lan­ýar. Ýy­lyň-ýy­ly­na bu ýer­le­riň 230 gek­ta­ra go­la­ýy­na ka­no­la, 230 gek­ta­ry­na bol­sa tri­ti­ka­le ýa­ly iým­lik oba ho­ja­lyk ekin­le­ri ekil­ýär. Bu ekin­le­re ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da öz wag­tyn­da ama­la aşy­ry­lyp, olar­dan bit­gin­li ha­syl alyn­ýar. Ýo­ka­ry ha­syl guş­lar üçin gym­mat­ly iým çeş­mesi bo­lup, ol te­le­ke­çä de­giş­li guş­çu­lyk top­lu­my­nyň iým bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tirýär. Çün­ki Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän guş­çu­lyk top­lu­myn­da ýu­murt­ga ugur­ly to­wuk­la­ryň 140 mü­ňü­si ide­dil­ýär. Top­lum bo­ýun­ça her gün­de 120 müňden gow­rak ýu­murt­ga al­nyp, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm tä­ze­li­gi­ne ýur­dumy­zyň söw­da no­kat­la­ry­na ug­ra­dyl­ýar. Içer­ki ba­zar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän azyk ha­ryt­la­ry­nyň möç­be­ri­ni azalt­ma­ga, ýer­li önüm­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ola­ryň da­şa­ry döw­letle­re eks­por­ty­ny üs­tün­lik­li ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Te­le­ke­çi Ho­ja­my­rat Ho­ja­ny­ýa­zo­wyň hä­zir­ki wagt­da ga­zanýan oňyn ne­ti­je­le­ri mu­ňa aý­dyň my­sal­dyr. Se­bä­bi guş­çu­lyk top­lu­my ta­ra­pyn­dan her aý­da 10 — 15 mil­lion möç­be­rin­dä­ki towuk ýu­murt­galary da­şa­ry döw­let­le­re eks­port edil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, te­le­ke­çi ýa­kyn geljek­de guş­çu­lyk top­lu­myn­da ula­nyl­ýan tehno­lo­gi­ýa­la­ry has-da döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy, iş­le­riň gu­ra­lyş usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.