2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda altynyň bahasy 2,7 göterim ýokarlanyp, bir unsiýasy 5 müň 564 ABŞ dollaryna ýetdi. Aýyň başyndan bäri altynyň bahasy takmynan 29 göterim artdy diýip, “Bloomberg” agentligi habar berýär.

2025-nji ýylda 148 göterim gymmatlan kümüş, şu ýylyň başyndan bäri hem ösüşini dowam etdirip, ýene-de 66 göterim artdy.

Bütindünýä altyn geňeşiň (WGC) 2025-nji ýyl üçin “Gold Demand Trends” hasabatyna görä, altyna bolan isleg rekord derejä — 5 002 tonna ýetdi.

Rekord görkezijili dördünji çärýek üstünlikli ýyly berkitdi: altyna goýlan maýa goýumlar 555 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bilermenler altynyň bahasynyň ýokarlanmagyny maliýe serişdelerini saklamagyň ygtybarly usuly hökmünde görülýän durnukly aktiwe bolan islegleriň artmagy bilen baglanyşykly diýip düşündirýärler.