Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda pagta ýygym möwsümine taýýarlyk işleri güýçlendirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýerli pagtaçylar meýdanlarda kemala gelen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamaga taýýarlyk görýärler.

Lebap.biz saýtynyň habar bermegine görä, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gowaça ekilen 1313 gektar meýdan 141 kärendeçä bölünip berlip, olar 17 topara birleşdirildi. Kärendeçiler möwsümiň dowamynda agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirip, ýokary hasyl almak üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Hojalygyň öňdebaryjy kärendeçileri Merdan Hudaýberdiýew we Azat Ýazmyradow geçen ýyl her gektardan 43 sentnerden gowrak pagta öndürip, gowy netijeleri gazandylar. Şu ýyl bolsa olar hasyllylygy her gektardan 45 sentnerden geçirmek maksady bilen işleýärler.

Gowaça meýdanlarynda hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suw üpjünçiligini ýola goýmak ýaly zerur agrotehniki işler ýerine ýetirildi. Bu işlerde «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary hem daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler.

Pagta ýygymynyň 9-njy sentýabrda başlanmagyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde Halaç etrabynda zähmet depginleri ýokarlanýar. Daýhanlar ýetişdirilen hasyly ýokary hilli ýygnap, önümçilik meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinýärler.