
Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylary gowaça ekişini irki möhletlerde we ýokary hilli tamamlap, meýdanlarda gowy gögeriş gazanmagy başardylar. Häzirki wagtda hojalygyň gowaça meýdanlarynda hatar aralaryny bejermek we ekinlere kemsiz ideg etmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bu möhüm agrotehniki çärede daýhan birleşiginiň hem-de etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ussat mehanizatorlary pagtaçylara ýakyndan kömek edýärler.
Işine ussat mehanizatorlardan Şanazar Abdyllaýew, Batyr Hudaýnazarow we Jumamyrat Jumaýew ýaly hünärmenler bejergi döwründe uly gaýratlylyk görkezip, hersi günde 8-9 gektar meýdanda ýokary hilli işleri ýerine ýetirýärler hem-de kärdeşlerine nusga bolýarlar.
Bu möwsümde Gözel Kadyrowanyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji, Gandymguly Baýekowyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji we Rozygeldi Akyýewiň ýolbaşçylygyndaky 4-nji kärendeçiler toparlary has öňe saýlanmagy başardylar. Etrabyň öňdebaryjylarynyň hatarynda duran bu toparlaryň hasyl ussatlary gowaçalaryň hatar aralaryny ýumşadyp, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Daýhan birleşiginiň ykdysatçysy Almaz Hudaýkulowyň bellemegine görä, hojalyk boýunça şu ýyl 1010 gektar ýere gowaçanyň «Ýolöten-39» we Özbegistan Respublikasynyň «Buhara-10» görnüşli tohumlary ekildi. Pagtaçy kärendeçiler şu meýdandan jemi 3110 tonna «ak altyn» öndürip, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.
Hojalygyň öňdebaryjy we tejribeli kärendeçileri bolan Aýjemal Abdyllaýewa, Akjagül Baýekowa we Merdan Akyýew dagy geçen ýyl her gektardan 40 sentnerden gowrak hasyl alypdy. Olaryň bu ýylky esasy maksady bolsa, gowaçanyň hatar aralarynyň bejergisini we otamak işlerini öz wagtynda berjaý edip, her gektaryň hasyllylygyny 45—50 sentnere ýetirmekden ybaratdyr. Edermen daýhanlaryň yhlasy siňen atyzlardaky sagdyn ösýän gowaçalar boldy hasylyň düýbiniň berk tutulandygyndan habar berýär.
Keywords