Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli ýerine ýetirilýär we milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümindäki Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara otorinolaringologiýa merkezi düýpli döwrebaplaşdyryldy.
Türkmenistanda gulak, burun, bokurdak keselleri boýunça ilkinji ýöriteleşdirilen kämil tehnologiýaly merkez ilata ýokary hilli, takyk hem-de döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge niýetlenendir. 101 orunlyk merkez özünde 13 sany ýöriteleşdirilen bölümi birleşdirýär we näsaglara irki anyklaýyşdan başlap, ýokary tehnologiýaly hirurgik bejergi, intensiw gözegçiligi hem-de bejeriş-dikeldiş çärelerine çenli toplumlaýyn hyzmatlary bermäge giň mümkinçilikleri döredýär. Merkeziň döwrebap mümkinçiliklerine we onuň bölümleriniň häsiýetli aýratynlyklaryna giňişleýin seredip geçeliň.
Maslahat beriş-anyklaýyş bölümi. Bölümiň otorinolaringolog lukmanlarynyň otaglary bir wagtyň özünde çagalara hem-de uly ýaşly näsaglara hyzmat etmäge niýetlenendir. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary, şol sanda «Happersberger Otopront» kompaniýasynyň 4 sany «ORL Basic Plus» hem-de 1 sany «Smart» görnüşli otorinolaringologik enjamlary ornaşdyrylandyr. Olar ýokary takyklykly mikroskoplar, endoskopik gurluşlar we beýleki zerur esbaplar bilen üpjün edilendir. Bölümde westibulometriýa otagynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde ýerleşdirilen wideo-nistagmografiýa ulgamy — «VisualEyes 525», ýöriteleşdirilen aýlanýan oturgyçly «Orion Rotary Chair», «VisualEyes EyeSeeCam» impuls barlag enjamlary, «Eclipse VEMP» ulgamy hem-de «Vario dry» stimulýatory başaýlanmanyň sebäplerini we görnüşlerini çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem «Physio VR Premium» kompýuterleşdirilen dinamiki posturografiýa ulgamy arkaly näsagyň deňagramlylyk ukyby dürli şertlerde seljerilip, oňa laýyklykda aýratyn bejeriş-dikeldiş maksatnamalary düzülýär. Bu ýokary tehnologiýaly westibulýar barlag toplumy iň kämil ulgamdyr. Bölümde foniatr lukmanynyň otagynyň bolmagy käri sözleýiş we ses ukyby bilen bagly bolan aýdymçylar, mugallymlar, alyp baryjylar hem-de beýleki hünärmenlerde ýygy duş gelýän näsazlyklary irki döwürde anyklamaga we bejermäge giň mümkinçilikleri açýar.
Bu ýerde «LingWAVES» enjamlarynyň kömegi bilen ses bozulmalaryna ýokary takyklykda baha berilýär. Şeýle hem bölümde burun bilen dem alyş ýagdaýyny kesgitlemäge niýetlenen «Rhino-Sys» ulgamy burun we burunýan boşluklarynyň bejeriş-amallaryny geçirmäge döwrebap şertleri döredýär. Mundan başga-da, merkezde göz kesellerini anyklaýan oftalmolog hem-de çaga keselleri boýunça ýöriteleşdirilen pediatr lukmanlarynyň döwrebap otaglary hem halka hyzmat edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.