Üstümizdäki şanly ýylymyzda welaýatymyzyň bakjaçyekerançylary tutanýerli zähmeti bilen gawundyr garpyzyň bol hasylyny kemala getirip, ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden geldiler. Şu günler olar Gün çogundan birkemsiz paýyny alan datly nygmatlary köpçülikleýin ýygnap, ilatyň saçagyna ýetirmekde öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.
Gök-bakja ekinlerinden ýokary görkezijileri gazanýan hojalyklaryň hatarynda Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ülkämiziň tebigaty» daýhan hojalygyny görkezmek bolar. 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu hojalykda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda uzakmöhletleýin esasynda bölünip berlen ýer böleginde oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşi ekilip, bol hasyl ýetişdirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem şeýle ajaýyp ýyllaryň birine öwrülýär. Şu ýyl hojalyga degişli 461 gektar meýdanyň 350 gektarynda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, orak möwsümi üstünlikli jemlendi. Mundan başga-da 100 gektar meýdanda gowaça ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda gök-bakja ekinleriniň hem bereketli hasyly ýetişdirildi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.