Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýerli ýoga hünärmeni wezipesi üçin dalaşgärleri kabul edip başlady. Saýlanyp alnan hünärmen ilçihanada, şeýle hem Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda yzygiderli ýoga sapaklaryny alyp barar.
Bu wezipä dalaşgärler 25–50 ýaş aralygynda bolmaly, ýokary bilimli we gowy beden taýýarlygyna eýe bolmaly. Şeýle-de olaryň türkmen, rus we iňlis dillerini erkin derejede bilmegi talap edilýär.
Iş tejribesi boýunça dalaşgärlerden azyndan üç ýyllyk ýokary hünär bilimi bolan ýagdaýynda iň bolmanda üç ýyl mugallymçylyk tejribesi, ýa-da iki ýyldan az bolmadyk okuw maksatnamasy boýunça alnan diplom ýa-da şahadatnama bilen azyndan dört ýyllyk amaly tejribe talap edilýär. Mundan başga-da, ýoganyň taryhy we pelsepesi boýunça çuňňur bilim zerurdyr.
Dalaşgärler üçin görkezme çykyşlaryny geçirmek tejribesiniň bolmagy, şeýle hem ses we wideo ýazgylaryny taýýarlamak, olary redaktirlemek hem-de internetde ýerleşdirmek boýunça başlangyç endiklere eýe bolmak goşmaça artykmaçlyk hökmünde baha berler.
Resminamalar 2026-njy ýylyň 14-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Dalaşgärler öz terjimehalyny (CV) we bilim baradaky resminamalary Aşgabat şäheri, Ýunus Emre köçesi, 1-nji jaý, Halkara işewürlik merkezi («Mir 2/1») salgysyna tabşyryp bilerler.
Goşmaça maglumatlary (+993 12) 45-61-52, (+993 12) 45-61-53 telefon belgileri arkaly ýa-da int.ashgabat@mea.gov.in we pic.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgylaryna ýüz tutup alyp bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.