
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip, birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda milli kodekslerimize we kanunlarymyza girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmeler hem-de goşmaçalar barada hasabat berdi. Şeýle-de, BMG-niň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän çäreler barada maglumat berildi. Döwlet Baştutanymyz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Hökümet agzalarynyň hasabatlarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen çäreler giňden beýan edildi. Hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň döredilmegi we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyklar, şeýle-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine we gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Mejlisde senagat, gurluşyk we dokma pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçiligi bökdençsiz işletmek we bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça teklipler hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz bu teklipleri makullap, degişli resminamalara gol çekdi.
Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri hem mejlisiň gün tertibiniň möhüm bölegi boldy. Balkan welaýatynda 22-27-nji iýun aralygynda geçiriljek bu dabaraly çäräni ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklar berildi.
Şeýle-de, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ylym ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.
Daşary syýasat meselelerine degip geçmek bilen, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bu saparyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigi bellenildi.
Mejlisde ulag we aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem birnäçe möhüm kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, halkymyzy Ylymlar güni bilen gutlady we ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrundaky işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Keywords