
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümet Başlygy Mihail Mişustine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi.
Keywords