
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewe we doganlyk azerbaýjan halkyna ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gyzgyn gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
«Report» agentliginiň habar bermegine görä, gutlagda şeýle diýilýär:
«Hormatly Ilham Geýdar ogly! Sizi we Azerbaýjan Respublikasynyň bütin halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Häzirki wagtda Azerbaýjan ykdysadyýetde, infrastrukturada we medeniýetde täsirli üstünlikleri görkezip, çalt depginler bilen ösýär, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň şu günki günde has-da dinamiki we yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygymyzy bildirýäris».
Döwlet Baştutanymyz ýüzlenmesiniň ahyrynda şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliyewe tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagt, doganlyk Azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk dileglerini iberdi.
Keywords