
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döredilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýan telekeçiler giň gerimli işleri alyp barýarlar. Şunuň netijesinde telekeçiler barha uly güýje öwrülýärler. Olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandy hem barha artýar.
Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň ýaşaýjysy Jemşit Babajanow hem mundan 20 ýyl öň telekeçilik bilen meşgullanyp, tikinçilik önümhanasynyň işini ýola goýdy. Yhlas etseň, bitmeýän iş ýok. Jemşit öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin bu ugurdan ýörite orta bilim alyp, tejribeli hünärmenler bilen maslahatlaşdy. Olardan köp zatlary öwrendi. Bu ýerde tikilýän geýimler owadanlygy, ykjamlygy we ýokary hilliligi bilen müşderileriň göwnünden turdy.
Häzirki wagtda tikinçilik önümhanasy şäheriň «Aýgül» bazarynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde işleriň gidişi bilen tanşanyňda, tikilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmakda, ilatyň harytlara bolan ösen islegini kanagatlandyrmakda oňyn işleriň alnyp barylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bu ýeriň gelim-gidimi barha artmak bilen. Müşderiler güler ýüz bilen garşylanylýar. Olaryň kimsi özüne laýyk eşik saýlasa, kimsi tikdiren lybasyny egnine deňäp durşuna, tikinçä hoşallygyny bildirýär. Önümleriň dürli görnüşde, dürli ölçegde, islege görä taýýarlanylmagy müşderileriň göwnünden turýar.
Önümhanada işleriň aglaba bölegi döwrebap tilsimatlar arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde tikin maşynlarynyň 16-sy bar. Işine ussat keşdeçi-tikinçi Matluwa Rahymowa milli biçüwli we nepis nagyşly köýnekleriň, çeper el işleriniň hyrydarlarynyň mydama ýeterlidigini belleýär. Halypa tikinçi Nasiba Hazratowa, ýaş tikinçiler Dünýägözel Babajanowadyr Myrat Yhlasow dagynyň ýerine ýetirýän işleri hem müşderileriň göwnünden turýar. Olar işine yhlasly ýapyşyp, tikýän egin-eşikleriniň gelşikli hem-de ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Jemşit Babajanowyň özi hem tikin tikmekde beýlekilere nusga alarlyk görelde görkezýär. Ýaş tikinçilere halypaçylyk edýär.
— Her bir adamyň içki dünýäsiniň hem, daşky keşbiniň hem gözel bolmalydygy barada parasatly pähim bar. Biz hem şondan ugur alýarys. Ýaşlygymdan surat çekmäge, geýim-gejimleriň täze nusgalaryny döretmäge bolan höwesim wagtyň geçmegi bilen, maňa tikinçilik önümhanasyny işe girizmeklige itergi berdi. Maşgala agzalarym bilen bu işi ýola goýanymda, ýanýoldaşym, gyzym ýakyn ýardamçylarym boldy. Olar gelin-gyzlaryň islegini öwrenip, milli öwüşginli lybaslaryň nusgalaryny taýýarlamagy başarýarlar. Müşderilerimiz köpelip başlansoň, çygrymyzy giňeldip, tikinçilerimiziň sanyny köpeltdik. Biz sargytlar esasynda dürli ölçegdäki egin-eşikleri tikip, olary ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeler bilen bezeýäris. Gadymy keşdeçilik sungatymyzy nesilden-nesle geçirip, ýaşlaryň çeper el işlerine bolan höwesini artdyrmak, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Bize okuwçylaryň mekdep lybaslary, ýörite geýimler bilen birlikde döredijilik, folklor toparlarynyň agzalary üçin hem dürli görnüşdäki milli egin-eşikleri sargyt edýärler. Biz tikýän köýneklerimiziň, egin-eşiklerimiziň hiline, nepisligine aýratyn üns berýäris. Telekeçilik işimizi ýola goýmak ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys — diýip, telekeçi Jemjit Babajanow ýürek buýsanjyny paýlaşýar.
Keywords