
17-nji aprelde «Huawei» kompaniýasy «Watch Ultimate Design» «akylly» sagadyny tanyşdyrdy. Täze sagadyň satuwy 20-nji aprelde başlanar. Şeýlede kompaniýa birinji çärýekde Hytaýda iň köp satylan smartfon brendi boldy.Hasabat döwründe onuň enjamlarynyň satuwy 13,9 million birlige deň boldy. Bu görkeziji bazaryň 20 göterimine deňdir. «Apple» kompaniýasy 2025-nji ýylda öndüren enjamlarynyň 30 göterimini daşkygurşawy goramak maksady bilen, gaýtadan işlenýän materiallardan taýýarlapdyr. Kompaniýanyň mälim etmegine görä, olar 2030-njy ýyla çenli bu ugurda alyp barýan işlerini hasda ösdürmek isleýärler.
Keywords