
AVC maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda reňkli telewizorlaryň satuwy 27,63 million sany boldy. Bu 2024-nji ýyla garanda 10,4% az we soňky 10 ýylyň iň pes netijesidir.
2016-njy ýyl telewizor satuwy üçin iň ýokary ýyllardan biri bolup, satuwlar 50 million sandan geçdi. Şondan bäri bazar peselýär, 2021-nji ýylda satuwlar 40 milliondan aşak düşdi.
2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda 1,8% ösüş bar bolsa-da, ikinji ýarymda satuwlar diňe 13,88 million boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20% az bolup, ýyllyk satuwy täze minimuma getirdi.
Azalan satuwlar esasy sebäpleri — mobil enjamlaryň, şeýle hem planşet we smartfonlaryň ulanyjylaryň wagtyny köp eýelemegi bilen baglanyşykly. Oňa görä, telewizorlar öý üçin zerur bolup bilermi diýen sorag ýüze çykýar.
AVC 2026-njy ýylda satuwlar 27,06 million sany boljakdygyny, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,1% az bolup biljekdigini öňe sürýär.
Keywords