Sport eginbaşlaryny öndürýän Hytaýyň «Anta» brendi Germaniýanyň «Puma» kompaniýasynyň 29,06 göterim paýnamasyny satyn aldy. Geleşik üçin «Anta» 1,5 milliard ýewro harçlady. Gonkong biržasynyň berýän maglumatlaryna görä, hytaý brendi ady agzalan nemes kompaniýasynyň bir paýnamasynyň bahasy 35 ýewro deň bolan 43 milliondan gowrak gymmat bahaly kagyzlaryny öz adyna geçirdi. «Pumanyň» paýnamalaryny satyn almak bilen «Anta» daşary ýurt bazarlaryndaky täsirini artdyrmak isleýär. Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň sişenbe güni hytaý kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 1,6 göterim gymmatlady.
«Hytaýyň Anta brendi Puma kompaniýasynyň 29% paýnamasyny satyn aldy»
1 min okamak32

Hytaýyň «Anta» brendi Germaniýanyň «Puma» kompaniýasynyň 29% paýnamasyny satyn alyp, daşary ýurt bazarlarynda täsirini artdyrmagy maksat edinýär.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.