Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda halkara medeni hyzmatdaşlygy berkitmek maksatnamasynyň çäklerinde ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Kitaphananyň ýolbaşçylary we işgärleri ýurdumyza gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumini hem-de ilçihananyň Birinji sekretary He Çziweýi milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek bilen garşy aldylar.
Gadyrly myhmanlar kitaphananyň işi we baý hazynasy bilen tanyşmak maksady bilen bina boýunça gezelenç etdiler.
HHR-nyň diplomatik wekilleri saparyň dowamynda kitaphananyň birnäçe ýöriteleşdirilen bölümlerine aýlanyp gördiler:
- “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölümi: Bu ýerde öňki ýyllarda Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan sowgat berlen neşirleriň we dünýä dillerinde çykarylan kitaplaryň sergisine syn etdiler.
- “Seýrek neşirler” bölümi: Diplomatlar bu bölümde aýratyn aýawly saklanýan gadymy golýazmalar, seýrek duş gelýän neşir önümleri we taryhy medeni gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Gezelençden soňra, Hytaýyň ilçisi Szi Şumin we Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar kitaphana ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak we kitaphananyň gaznasyny hytaý dilindäki täze edebiýatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar:
- Hytaý tarapyndan: Ilçi Szi Şumin Döwlet kitaphanasyna 3 dilde neşir edilen, dürli ugurlary öz içine alýan 49 sany at ýazgyly jemi 200 sany kitaby sowgat berdi.
- Türkmen tarapyndan: Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň rus dilinde çap edilen “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly gymmatly kitabyny gowşurdy.
Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-hem çuňlaşdyrmaga ýardam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.