Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary tebigy triptamin (trpA) molekulasyny kesgitlemek arkaly uky bökdençliklerini çözmekde möhüm ädim ätdiler. "Nature Neuroscience" žurnalynyň habar bermegine görä, bu maddany kabul edýän ýörite reseptoryň işjeňleşdirilmegi ukynyň dowamlylygyny we hilini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu açyş uzak wagtlap oýa bolanyňdan soň ukynyň gelmegini üpjün edýän esasy biologik gurallary aýdyňlaşdyrýar.   Synaglaryň dowamynda alymlar dürli işjeňlik döwürlerinde syçanlaryň we doňuzlaryň oňurga ýiliginiň suwuklygyny seljerdiler. Haýwanlar näçe köp wagtlap uklamasa, trpA molekulasynyň jemlenmeginiň şonça-da ýokarlanýandygy we bu derejäniň gije-gündiziň wagtyna däl-de, hut oýa bolnan wagtyň dowamlylygyna baglydygy anyklandy. Gözlegçiler molekulanyň oýa bolnan wagty işjeňleşýän aýratyn neýronlar tarapyndan öndürilýändigini we bölünip çykarylýandygyny kesgitlediler.   Organizme düşenden soň, trpA gipotalamusyň preoptiki zolagyndaky (ukyny başlaýan beýniniň esasy bölümi) neýronlary stimulirleýän GPR139 reseptoryny işjeňleşdirýär. Goşmaça synaglar GPR139 reseptoryna täsir edýän birleşmeleriň synag edilýän haýwanlarda has dowamly we çuň ukyny üpjün edýändigini görkezdi. Bu açyş ukusyzlygy bejermegiň hem-de täze nesil uky dermanlaryny döretmegiň geljegi uly usullaryna ýol açýar.