Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki sany boş iş orny — sekretar we goragçy-tehnik wezipeleri boýunça dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady.

Sekretar wezipesine Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Dalaşgärler 20–45 ýaş aralygynda bolmaly, ýokary bilimli we türkmen, rus hem-de hytaý dillerini erkin derejede bilmeli. Şeýle hem resmi hatlary taýýarlamak, terjime etmek we resmileşdirmek, kompýuter programmalaryndan peýdalanmak hem-de işewürlik edebini bilmek talap edilýär.

Bu wezipä dalaşgärler üçin terjimeçilik tejribesiniň we iňlis dilini bilmegiň goşmaça artykmaçlyk boljakdygy bellenilýär.

Goragçy-tehnik wezipesi üçin 40 ýaşa çenli, orta hünär ýa-da tehniki bilimli dalaşgärler kabul edilýär. Olar türkmen we rus dillerini bilmeli, şeýle hem adaty abatlaýyş-tehniki işleri ýerine ýetirmek boýunça başarnyklara eýe bolmaly. Degişli ugur boýunça iş tejribesi we hytaý dilini bilmek artykmaçlyk hökmünde garalar. Saýlanan dalaşgär işe dessine başlamaga taýýar bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler rus ýa-da hytaý dilinde taýýarlanan terjimehalyny (CV), aragatnaşyk maglumatlaryny, içerki we daşary ýurt pasportlarynyň nusgalaryny, bilim baradaky resminamalaryň nusgalaryny hem-de bir sany reňkli fotosuratyny tabşyrmaly.

Resminamalar chinaemb_tm@mfa.gov.cn elektron poçta salgysy arkaly ýa-da Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 45-nji jaý salgysy boýunça kabul edilýär. Elektron hatyň mowzugynda ýa-da konwertiň ýüzünde “Işe ýerleşmek üçin arza — F.A.A.” diýen bellik görkezilmelidir.

Resminamalaryň deslapky seljermesinden soň talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar. Söhbetdeşlikden üstünlikli geçen dalaşgär bilen üç aýlyk synag möhleti bolan zähmet şertnamasy baglaşylar. Synag möhleti tamamlanandan soňra hemişelik iş şertnamasyny baglaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.