
Ilon Mask 26-njy ýanwarda 12-nji test uçuşunyň 6 hepde içinde, ýagny 2026-njy ýylyň martynda boljakdygyny aýtdy.
Flight 12 Starship V3 (Block 3) arhitekturasy üçin ilkinji uçuş bolar. Bu täze nesil kosmik gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli wersiýasydyr.
Başlangyçda uçuş irki wagtda meýilleşdirilen bolsa-da, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Booster 18 synagda zeperlenen. Häzirki wagtda missiýa üçin Booster 19 we Ship 39 taýýarlanylýar. Bu hepde möhüm synaglardan geçmeli. Ilkinji gezek uçuş Starbase, Texasdaky ikinji start stolundan (OLP-2, Pad 2) amala aşyrylar diýilýär.
Ilon Mask SpaceX-iň bu ýyl Starship-iň doly gaýtadan ulanylmagyny subut etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Munuň kömegi bilen kosmosa çykmak çykdajysy 100 esse azalýar. SpaceX häzirki wagtda Pad 2-iň gurluşygyny tamamlamaga golaýlap, Pad 1-iň modernizasiýasy üçin taýýarlyklara başlady.
Keywords