Ilon Maskyň «Neuralink» kompaniýasy doly körlügi bolan adamlarda görüş duýgusyny dikeltmäge niýetlenen «Blindsight» beýni implantynyň inženerçilik işlerini tamamlandygyny mälim etdi. Emma enjamy adamlarda synagdan geçirmek üçin ABŞ-nyň degişli gözegçilik edaralarynyň rugsady zerur. Bu barada telekeçi Ilon Mask «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
«Enjam inženerçilik taýdan taýýar. Indi diňe gözegçilik edarasynyň tassyklamagyna garaşýarys» diýip, ol ýazdy.
«Blindsight» tehnologiýasy nähili işleýär?
Beýni signallarynyň kömegi bilen daşarky enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Telepathy» implantyndan tapawutlylykda, «Blindsight» görüş maglumatlaryny gönüden-göni beýniniň görüş merkezine ýetirmek üçin işlenip düzülýär.
Ulgamyň işleýiş ýörelgesi ýörite kamera arkaly alnan şekili elektrik signallaryna öwürmekden we implantyň kömegi bilen bu signallary beýniniň görüş gabygyna geçirmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, tehnologiýa zeper ýeten gözleri we görüş nerwini aýlanyp geçmäge gönükdirilendir.
Işläp düzüjileriň pikirine görä, bu usul hatda ömründe hiç wagt görmedik adamlara hem görüş şekillerini kabul etmäge mümkinçilik berip biler.
Tehnologiýanyň häzirki ýagdaýy we synaglaryň geljegi
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça müdirligi (FDA) «Blindsight» enjamyna «öňdebaryjy lukmançylyk enjamy» derejesini berdi. Bu dereje tehnologiýany işläp düzüjileriň degişli gözegçilik edarasy bilen hyzmatdaşlygyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Emma ol enjamyň howpsuzlygynyň we netijeliliginiň doly tassyklanandygyny ýa-da täjirçilik maksatly ulanmaga rugsat berlendigini aňlatmaýar.
Ilon Mask ozal zerur rugsatlar alnandan soň, enjamy adama oturtmak boýunça operasiýanyň 6–12 aýyň dowamynda geçirilip bilinjekdigini aýdypdy. Şeýle hem ol ilkinji döwürde emele geljek şekiliň hiliniň pes boljakdygyny, emma geljekde tehnologiýanyň «adamyň adaty görüş ukybyndan hem ýokary» derejä ýetip biljekdigini öňe sürüpdi.
Şeýlelikde, «Blindsight» implantynyň tehniki taýdan taýýar edilmegi taslamanyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýar. Ýöne tehnologiýany lukmançylyk tejribesinde ulanmak üçin entek kliniki synaglary geçirmek we degişli edaralaryň tassyklamasyny almak zerur.
Bu taslama üstünlikli amala aşyrylan ýagdaýynda, neýrotehnologiýalaryň we görüş ukybyny emeli usulda dikeltmäge niýetlenen implant ulgamlarynyň ösüşinde möhüm ädim bolup biler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.