
Halkara alymlar topary tarapyndan amala aşyrylan innowasion ylmy barlagyň netijesinde, ýörite dizaýn edilen çeýe göz implanty kör syçanlaryň göreçlerini dikeltmäge we olara ýakyn infragyzyl şöhleleri kabul etmäge kömek etdi. Bu täze enjam infragyzyl şöhleleri elektrik signallaryna öwrüp, göni göz nerwlerine geçirýär. Meşhur «Nature Electronics» žurnalynda çap edilen bu taslama, geljekde göreçden mahrum bolan adamlaryň gözlerini bejermekde bütinleý täze we howpsuz sahypany açyp biler.
Adatça, käbir genetiki bozulmalar ýa-da ýaş bilen bagly dörän keseller gözüň fotoreseptorlarynyň (ýagny şöhle kabul ediji öyjükleriniň) ölmegine, netijede bolsa doly körlüge getirýär. Şeýle ýagdaýlarda gözüň beýleki öýjükleri we nerw ulgamlary sagdynlygyny hem-de beýnä signal ibermek ukybyny saklap galýarlar.
Inženerler ençeme ýyllaryň dowamynda ölen reseptorlaryň ornyny tutjak mikrosuwanly mikroelektron ulgamlary döretmäge çalyşýardylar. Emma öňki nesil protezleriň iň uly meselesi olaryň gaty materýallardan ýasalmagydy. Gaty elektrodlar gözüň düýbündäki ýumşak dokmalara şikes ýetirip, çişme we sowuklama (wospaleniýe) döredýärdi. Şeýle hem olar adaty görünýän şöhlelere reaksiýa berýärdiler, munuň özi näsagda saklanyp galan az-kem tebigy görme ukybynyň hem gaplanmagyna eltýärdi.
Täze ylmy işiň awtorlary adaty göz ulanmaýan, ýagny ynsan gözüne görünmeýän ýakyn infragyzyl şöhleleri ulanmagy teklip etdiler. Inženerler kremniý tranzistorlaryndan we ondan çykyp duran mikroelektrodlardan ybarat örän ýuka plenkany gurnadylar. Gözüň içindäki kontaktlar (aragatnaşyk nokatlary) gallium we indium garyndysyndan emele gelen suwuk metal galyplaryndan ýasaldy.
Bu metal garyndysy adamyň beden temperaturasynda suwuk ýagdaýda bolup, adaty geçirijilerden müňlerçe esse ýumşakdyr we gözüň biologik dokmalarynyň çeýeligine örän ýakydyr. Tok geçirijiligini has-da gowulandyrmak üçin metal sütünjikleriň uçlaryna platina örtügi çalgyndy we üstünden diňe infragyzyl şöhleleri geçirýän ýörite süzgüç (filtr) goýuldy.
Labaratoriýa synaglary üstünlikli geçdi
Täze tehnologiýanyň howpsuzlygy ilki bilen adamyň pigment öýjükleriniň laboratoriýa şertlerindeki nusgasynda we izolirlenen göz torbasynda synaldy. Enjamyň janly dokmalar üçin hiç hili toksiki zäherliliginiň ýokdugy we gözüň çygly gurşawyna doly durnuklydygy anyklandy.
Soňra bolsa emeli göz torby üç sany sagdyn we üç sany genetiki taýdan bütinleý kör syçanyň gözüne ýerleşdirildi. Haçan-da alymlar syçanlaryň gözüne infragyzyl şöhle saçanlarynda, kör syçanlaryň beýnisiniň görme merkezinde elektrik impulslarynyň emele gelýändigi hasaba alyndy.
Mundan başga-da, haýwanlaryň özüni alyp barşyny barlamak üçin synag geçirildi. Syçanlar haýsydyr bir yşyk signalyny görenlerinde ýörite turbajykdan suw ýalamaga öwredildi. Kör syçanlar ýasalgy gözüň kömegi bilen infragyzyl şöhleleri edil sagdyn syçanlaryň adaty yşygy görşi ýaly takyk we ygtybarly kabul etmegi başardylar.
Geljegi uly ylym ýoly
Gözlegler signalyň gözden beýnä geçýändigini subut etse-de, alymlar entek bu tehnologiýanyň adamlarda doly nähili täsir etjekdigini bilmeýärler. Beýnä barýan impuls adamyň aňynda bütinleý we dury dünýä suratyny dikeltmän, ýöne bir tertipsiz ak tegmillere hem meňzäp biler. Ýagny näsagyň ýylylyk şekillendiriş (teplowizion) görnüşinde görüp-görmezligi entek näbelli bolup galýar.
Şeýle-de bolsa, suwuk metallaryň lukmançylyga ornaşdyrylmagy we tranzistorlaryň görünmeýän spektrlerde işledilmegi körlüge garşy göreşde medisina täze bir gural berýär. Tehnologiýany adamlarda we has iri haýwanlarda ulanmazdan ozal, inženerler onuň energiýa sarp edişini düýpli azaltmagy we köp ýyllyk synaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.
Keywords